Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde bildiriş çap edildi.
Bäsleşikli söwdalar 2021-nji ýylyň 25-nji awgustynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.