Soňky habarlar

Arhiw

Sadyr Žaparow gyrgyz-türkmen gatnaşyklaryna ýokary baha berdi

11:0906.08.2021
0
8579

Şu gün – 6-njy awgustda Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin 5-nji awgustda Türkmenbaşy şäherine iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Awazada geçirilýän nobatdaky sammitiniň çäklerinde geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Prezidentleri söwda we ykdysady gatnaşyklar, Türkmenistandan Gyrgyzystana tebigy gaz we elektrik energiýasyny ibermek, syýahatçylygy ösdürmek ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Prezident Sadyr Žaparowyň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana resmi sapary wagtynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awaza sammitiniň diňe bir Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň däl, eýsem, beýleki dogan ýurtlar — Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan bilen sebit derejesinde hyzmatdaşlygyň ösmegine gowy itergi berjekdigine ynam bildirdi. Sammitiň dowamynda sebit ýurtlarynyň Prezidentlerine sebitleýin we halkara gün tertibindäki köp sanly möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik bar.

Prezident Sadyr Žaparow Gyrgyz wekiliýetiniň mähirli garşylanmagy we myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Gyrgyzystanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmek we ösdürmek, halkara guramalaryň çäginde özara gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli çäreleri görmäge taýýardygyny tassyklady. Sebit ýurtlarynyň arasynda maslahatlaşmak we bilelikdäki çözgütleri kabul etmek üçin nobatdaky sammitiň möhüm ähmiýeti barada nygtady. Şeýle-de energiýa, söwda, ulag-kommunikasiýa we häzirki zaman kynçylyklaryna garşy durmak ýaly çynlakaý meseleleriň köpçülikleýin pikir alyşmagy we çözgüt gözlemegi talap edýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary we ozal gazanylan ylalyşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň