Arhiw

Gyrgyzystanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

17:1505.08.2021
0
11770

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow iş sapary bilen Türkmenbaşy şäherine geldi. Bu barada gyrgyz lideriniň metbugat gullugy habar berýär.

Gyrgyzystanyň Prezidentini Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde wise-premýer Çarymyrat Pürçekow garşylady.

Iş saparynyň çäginde Sadyr Žaparow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşar we oňa gatnaşyjy ýurtlaryň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň