Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy uzak ýaşamagyň syryny aýtdy

23:4201.08.2021
0
12675

«Türkmenportal» habarlar portalynyň ozal birnäçe gezek teswirleýşi ýaly, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy Ajapsoltan Hajyýewa häzirki wagtda diňe Türkmenistanyň däl, tutuş dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy hasaplanylýar. 121 ýaşly türkmen zenany milli metbugatda uzak ýaşamagyň syry bilen bagly öz pikirlerini paýlaşdy. A.Hajyýewa uzak ýaşamak üçin köp hereket etmelidigini nygtap, şeýle belleýär:

– Hemişe halal ýaşamaly, sagdyn durmuş, tut ýaly jan saglyk isleýän bolsaň, zähmet çekmekden, köp hereketde bolmakdan gaçmaly däl. Eger işlemeseň, seniň bedeniň garramak bilendir. Ejemden ir aýryldym... ykbal işidird-ä... Aýagymyň aşagyna oturgyç goýup, tamdyrda nan ýapardym. Jigilerim kiçidi, kakama kömekleşmesem, özüm üçin uýatdy. ...soň gaza giderdim. Bugdaý döwerdim. Keçe-de basdyk, halam dokadyk. Şeýdip-şeýdip zähmete bişişdim. Şol işler meni taplan eken... Men uzak ýaşamagyň syryny zähmetde, parahatçylykda diýip düşünýärin. Zähmet adamyň ýüregini tämizeleýär. Ýüregiň päk bolsa, durmuşyňam arassa bolýar. Iň esasy-da döwrüňem, döwletiňem asuda bolmaly...

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň