Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

119 ýaşly Ajapsoltan Hajyýewa dünýäniň iň uzak ýaşly adamy bolup bilermi?!

0
7161

Birki aýlykda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň «Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjylary» ugry boýunça ýaponiýaly Kane Tanaka dünýäniň iň uly ýaşly adamy diýlip yglan edildi. Häzir ol 116 ýaşynda».

Uzak ýaşamagyň syry nämede? Megerem, bu sowal dünýäniň uzak ýaşly adamlaryna iň köp berilýän sowal bolsa gerek. Elbetde, şol bir sowalyň köp gaýtalanmagy onuň jogabynyň gyzyklylygy, köpleri gyzyklandyrýandygy bilen bagly. Berilýän jogaplar dürli-dürli bolsa-da, olarda käbir meňzeşlikler bar. Aýdyşlaryna görä, uzak ýaşamagyň esasy syry, sebäbi ykbal ýazgydyndan soň, asuda, parahat durmuşa, arassa howa şertlerine, tebigat gözelligine bagly. Şeýle maglumatlar bilen tanşanyňda, has oraşan bir hakykat seriňe dolýar: häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işler amal edilýär, arassa ekologiýa gurşawy döredilýär. Aslynda, türkmen topragy owadan tebigaty tüýs ynsan ömrüne ömür goşýan täsinlikleri özünde jemleýär. Netijede bolsa, ýurdumyzda ynsan saglygy hakda alada yzygiderli pugtalanýar, raýatlarymyzyň ýaş dowamlylygy barha uzaýar. Mysallary ýurdumyzyň ähli sebitlerinden-de tapmak kyn däl. 100 we ondan-da köp ýaşlylaryň onlarçasy eşretli döwrüň hözirini görüp, ýurdumyzyň gülläp-ösüşlerine şaýat bolýarlar. Biz häzir şeýle adamlaryň biri, ýüze sylynmaly ömrüň nusgasy bolan Ajapsoltan ene hakynda kelam agyz gürrüň etmek isleýäris.

Ajapsoltan Hajyýewa 1900-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde dogulýar. Mährem ene öz döwründe daýhançylyk edipdir, dokma dokap darak kakypdyr, öý işleri bilen meşgullanyp, mal-garalara seredipdir. Oba hojalyk işlerine gatnaşyp, obadaşlarynyň arasynda uly hormatdan peýdalanypdyr. Ýanýoldaşy Hajy aga ir gelen dert zerarly aradan çykypdyr. Uruş ýyllarynyň agyr günlerini gerdeninde çeken ene ýeke dikrary Atany hor-homsy durmuşda ýaşatmazlyk, il biri edip ýetişdirmek üçin hem eje, hem kaka ornunda durup zähmet çekipdir. Kynçylykly geçen günler öz rehnetini-de beripdir. Ata Hajyýew il içinde uly hormatdan peýdalanýan, döwletment ogul bolup ýetişýär. Ol ata-baba gelýän daýhançylyk ýoluny dowam etdirýär. Tüweleme, Ata aga häzir 85 ýaşynyň içinde bolsa-da, örän ýeňil gopýar. Ýanýoldaşy Täzegül eje bilen bagtly durmuşyň hözirini görüp, döwletli ojagyna söýe bolup, sag-gurgunlykda ýaşap ýörler.

Ajapsoltan ene 119 ýaşyndadygyna garamazdan, häzirem aýak üstünde. Ol melleginde ekin-dikin ýetişdirýän agtyk-çowluklaryna armaçy bolýar, maslahat berýär. Onuň ogly Ata agadyr gelni Täzegül ejeden ösüp-örňän 12 agtygy, 67 çowlugy, 30 ýuwlugy bar. Olaryň ählisi üýşen çagy kiçeňräk toýy ýadyňa salýar. Mähriban ene öz gürrüňlerinde uzak ýaşamagyna nesil dowamatynyň — agtyk-çowluklarynyň mähirli sözleriniň, şadyýan gülküleriniň täsir edýändigini aýdýar. Ykbalyndan razy Ajapsoltan enäniň dili elmydama alkyşly. Onuň: «Hudaýa şükürlerim bolsun, döwrümizdenem, döwlet Baştutanymyzdanam razy. Agzy aşa ýetdi halkymyzyň, her günümiz toý, Allam uzagyndan etsin. Hudaýym Döwlet Baştutanymyzyň ýaşyny uzak etsin, gözden-dilden gorasyn. Enelere goýýan hormatyna göwnüm galkynýar...» diýen alkyşly sözlerine gulak goýanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň il-halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna durmuşa geçirýän beýik işleriniň ähmiýetine has anyk-äşgär göz ýetirip bolýar. Ine, Ajapsoltan enäniň gysgaça terjimehaly şundan ybarat. Emma onuň ömür menzili hakdaky gürrüňi näçe uzaltsaň-uzaldybermeli.

Gürrüňimiziň hörpüniň uzak ýaşlylar hakyndalygy üçin resmi internet maglumatlarynyň käbirine ýüzlenmegi-de dogry hasapladyk: Birki aýlykda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň redaksiýasy ýene-de bir täzeligi dünýä buşlady. Kompaniýanyň resmi internet saýtynda (www.guinnessworldrecords.com) ýer ýüzüni gurşan bu täzelik şeýle teswirlendi: «Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň «Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjylary» ugry boýunça 2019-njy ýylda ýaponiýaly Kane Tanaka dünýäniň iň uly ýaşly adamy diýlip yglan edildi. Häzir ol 116 ýaşynda. Tanaka 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda eneden doglupdyr. 1922-nji ýylda durmuşa çykyp, 4 çagany ösdürip ýetişdirýär we ýene-de bir çagany ogullyga alýar. Ol bütin ömrüni adamsy bilen uruşdanam öň açan, şalydan bişirilýän «moti» kiçi çöreklerini satýan dükanynda işläp geçiripdir. Tanaka 1970-nji ýylda pensiýa çykypdyr. 2005-nji ýyldan bäri bolsa garrylar öýünde ýaşaýar. Ol ir turýar, sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşini oýnamagy, ondan başga-da, süýji tagamly iýmitleri gowy görýär. Mundan ozalky dünýäniň iň garry ýaşaýjysy derejesi başga bir ýaponiýala — Tiýo Miýako degişlidi. Ol geçen ýylyň iýul aýynda 117 ýaşynda aradan çykdy».

Şeýle maglumatlary okanyňdan soňra, şu hili netije çykarmak mümkin: Häzirki wagtda Ýaponiýa dünýä boýunça iň uzak ýaşly adamlaryň ýaşaýan ýurdy hökmünde bilinýär. Muňa doly esas hem bar. Ginnesiň rekordlar kitabynyň uzak ýaşly ýaşaýjylara degişli ugry boýunça rekord goýujylaryň aglabasy ýaponiýalylar. Bilermenler ýurduň howa şertleriniň ynsan saglygyna oňaýly täsir edýändigini tekrarlaýarlar. Häzirki wagtda hem bu ýurtda 100 ýaşdan geçen adamlaryň onlarçasy resmi taýdan hasaba alnypdyr. Dünýäniň uzak ýaşly ýaşaýjylary, şeýle-de, dünýäniň iň uzak ýaşly zenanlary barada «Wikipediýa» erkin internet ensiklopediýasynyň soňky maglumatlary hem häzirki wagtda dünýäde ýaşap ýören adamlaryň iň uzak ýaşlylarynyň ýaponiýalydygyny, olaryň öňbaşçysynyň bolsa 116 ýaşly Kane Tanakadygyny tassyklaýar.

Şeýle maglumatlar bilen ýakyndan tanşanyňda we olary öwreneniňde, häzirki wagtda 119 ýaşly ene Ajapsoltan Hajyýewanyň dünýäniň iň uzak ýaşly adamydygy hakdaky pikiri öňe sürmäge esas bolýar. Bu pikir arkaly biz haýsydyr bir resmi maglumaty inkär etmek ýa-da bilermenleriň pikirine garşy gitmek däl-de, ýurdumyzda şeýle bagtly ykbally raýatlaryň bardygyny, olaryň sanynyň bolsa yzygiderli köpelýändigini nygtamak isleýäris. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän döwletli işleri, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak babatdaky tagallalary raýatlarymyzyň kalbyna buýsanç berýär, ömrüne ömür goşýar. Bu bolsa ilatymyzyň ýaş dowamlylygynyň uzalmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Halkymyzyň arassa azyk önümleri bilen üpjün edilmegi, ynsan saglygyna peýdaly sergin howany üpjün edýän amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegi, her günümiziň toý-baýrama ulaşmagy... — ine, bularyň ählisi döwrümiziň äşgär hakykaty. Ynsan saglygynyň berkliginiň, uzak-uzak ýyllar ömür sürmegiň esasy sebäpleriniň şulara baglydygyny bolsa, degişli hünärmenler belleýärler.

Esasy söhbedimize dolanyp, sözümizi asyrlaryň şaýady Ajapsoltan enäniň ýürege ýakyn şu sözleri bilen jemlemek isleýäris: «Döwrümiz bagtyýar, Baýdagymyz asmanymyzda asuda parlaýar, Arkadag Ogul «Halkym!» diýýär. Halkymyzyň dili alkyşly. Durmuşymyz bolelinlik. Onsoň, neneň uzak ýaşamajak, nädip şu bagtly ýaşlara ýetmejek».
«Türkmenistan» gazeti 4-nji sentýabr

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar