Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen küştçisi Allaýar Şirliýew täze dünýä rekordyny goýmagy maksat edinýär

21:3827.07.2021
0
18086
Türkmen küştçisi Allaýar Şirliýew täze dünýä rekordyny goýmagy maksat edinýär

Küştçi Allaýar Şirliýew 40 sany küşt oýnuny tagta seretmän oýnamaklyk bilen, özüniň özboluşly bir üýtgeşik ukyp-başarnygynyň, aýratyn zehininiň bardygyny ýene bir gezek görkezdi. Bäsleşige "Bagtyýarlyk" sport toplumynyň küştçileri gatnaşdy.

Küşt oýnunyň netijesinde Allaýar Şirliýew 31 oýunda ýeňiş gazandy, 8 oýunda deňme-deň oýnady, sport ussady Şahruh Turaýewden 1 oýunda utuldy.

Mundan öň paýtagtyň "Bagtyýarlyk" sport toplumynyň küşt klubynyň agzasy Allaýar Şirliýewiň ilki 25, soňra bolsa 31 küşt oýnuny tagta seretmän oýnamaklyk bilen iň ýokary bal gazandygyny habar beripdik. Bu gezek 40 küşt oýnuny tagta seretmän oýnamaklyk bilen uly üstünlik gazanan Allaýar, adam beýnisiniň mümkinçilikleriniň çäginiň ýokdugyny subut etdi.

Bu sport üstünliginde ol amerikaly grossmeýster Timur Garaýewiň 2016-njy ýylda 48 küşt oýunda goýan dünýä rekordyna ýakynlaşdy. Bu maglumat Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Öňümizdäki iki-üç aýyň dowamynda Allaýar 50 küşt oýnuny tagta seretmän oýnamagy we täze dünýä rekordyny goýmagy meýilleşdirýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, ol häzirki dünýä çempiony norwegiýaly Magnus Karlson we amerikaly grossmeýster Timur Garaýew bilen 50 küşt oýnuny tagta seretmän başa-baş oýnamakçy.

Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Halkara araçy (arbitr) we Küşt Klubynyň başlygy Şöhrat Myratgulyýewiň okuwçysy Allaýar Şirliýewiň Türkiýäniň küşt federasiýasy tarapyndan gurnalan onlaýn ýaryşda 43 ädimde azerbaýjanly grossmeýster, dünýä çempiony Şähriýar Mämmädýarowy ýeňendigini hem aýratyn bellemek gerek..






Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň