Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna taýýarlyk boýunça iş maslahatyny geçirdi

23:5022.07.2021
0
8784

22-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, käbir ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi, döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak, ähli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, birnäçe ugurlar boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda dürli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäni, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň wajypdygy barada gürrüň edildi hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly işleriň barşy barada hasabatlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bu şanly senäni mynasyp garşylamak ugrunda alyp barýan işleri, guraljak dabaraly harby ýörişe taýýarlygyň derejesi barada habar berildi.
Döwlet Baştutany bu şanly senäni mynasyp dabaralandyrmakda obasenagat toplumynyň düzümlerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, içerki bazaryň azyk we beýleki ilkinji nobatdaky zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkymyzyň baýramçylyk saçaklarynyň bereketli bolmagyny gazanmak meseleleriniň wajypdygyna üns çekildi. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilýän döwlet we medeni-köpçülik çäreleri, baýramçylyk dabaralary baradaky hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň