Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistana geler

12:2602.05.2024
0
12689

Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň parlament wekiliýeti 12-nji maýda üç günlük sapar bilen Aşgabada geler. Bu barada HHM habar berýär.

Saparyň maksady iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdyr diýip, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroşi Sasaki belleýär.

Ýaponiýanyň ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Ýaponiýanyň parlament wekiliýetiniň ýakyn wagtda boljak saparynyň kanun çykaryjy edaralaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň we hyzmatdaşlygyň ösmegine möhüm goşant boljakdygyny aýtdy.

Taraplar parlament diplomatiýasy arkaly hökümetara hyzmatdaşlygy goldamaga, gatnaşyklaryň kanuny esaslaryny berkitmäge we kanun çykaryjylyk tejribesini alyşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Mundan ozal, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň 2024-nji ýylyň fewral aýynda Tokioda saparda bolup, parlamentara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrmak boýunça gepleşikleri geçirendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň