Balkan welaýatynyň saglygy goraýyş edaralaryna «Tiz kömek» ulaglarynyň 10-sy sowgat berildi

23:1214.07.2021
0
1362

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkanabatdaky «Gaýragoýulmasyz Tiz kömek» merkeziniň golaýynda saklanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny sowgat bermek baradaky karara gelendigini habar berdi.

Bu ýerde döwlet Baştutany saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow lukmanlar bilen söhbetdeş bolup, täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň olaryň işine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýokarda agzalan gaznadan «Tiz kömek» ulaglarynyň geçen aýda Lebap welaýatynyň saglygy goraýyş edaralaryna hem berlendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň