Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

23:5313.07.2021
0
5477
 Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

13-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň türkmen tarapyndan başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy.

Mähirli, dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler soňky ýyllarda taraplaryň özara tagallalary netijesinde strategik hyzmatdaşlygyň derejesi berlen türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda gazanylan ylalaşyklar, şeýle hem şol aýda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli guralýan gatnaşyklara täze itergi berdi.

Umumy pikire görä, häzir Pekin we Aşgabat döwletara gatnaşyklaryň has oňaýly görnüşini işläp düzdüler, ol her tarapyň milli bähbitlerini hem-de Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri dostlukly we ynamly gatnaşyklar bilen bagly bolan türkmen we hytaý halklarynyň hoşniýetliligini nazara almak bilen, öňde durýan wezipeleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Iki ýurduň we olaryň Liderleriniň arasynda gazanylan özara düşünişmegiň we hormatlamagyň ýokary derejesi dürli derejedäki yzygiderli, netijeli gatnaşyklar bilen bilelikde, birnäçe esasy ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk üçin oňaýly esas döredýär. Olaryň hatarynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlary has möhüm bolup, şol ugurlarda hyzmatdaşlyk iki dostlukly döwletiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly kybap gelýär.

Iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň beýleki möhüm ulgamlarynda, hususan-da, dokma, himiýa, azyk senagaty, oba hojalyk toplumy we beýleki ugurlarda bilelikdäki işleri dowam etmäge gyzyklanma bildirildi.

Bu babatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň üstüne uly wezipeler ýüklenýär. Ol bar bolan ykdysady we eksport kuwwatyň netijeli amala aşyrylmagyny, has ýakyn hyzmatdaşlyk üçin şertleriň döredilmegini hem-de ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegini ugur edinýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan, iň gowy dünýä tejribesiniň we innowasion tehnologiýalarynyň çekilmegini ugur edinýän “Açyk gapylar” syýasatyna Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri uly gyzyklanma bildirýärler.

Taraplar soňky ýyllarda bilelikdäki möhüm taslamalar bilen berkidilen işjeň gatnaşyklary goldamak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň möhümdigi barada bir pikire geldiler.

Duşuşygyň ahyrynda köpasyrlyk dostluk däplerine hem-de türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky ynama esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň