Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň eksport edijileriniň maslahaty geçiriler

00:5204.07.2021
0
978

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Hökümetiň 2-nji iýulda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi we Türkmenistanda öndürilen harytlaryň daşary ýurt bazarlarynda eýeleýän ornuny yzygiderli giňeltmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda tassyklanan “Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda” kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini we bu ugurda öňde durýan çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Söwda-senagat edarasynda eksport edijileriň maslahatyny geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak, eksport amallaryny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek we eksport edijilere döwlet tarapyndan berilýän goldawy pugtalandyrmak meseleleriniň ähmiýetlidigini nygtady. Milletiň Lideri bu ugra degişli işleriň kämilleşdirilmegi, oňa dünýäniň ösen tejribesiniň we ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda öndürilýän eksport ugurly harytlaryň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyny üpjün eder diýip belledi we hödürlenen teklibi makullap, maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň