Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda halkara media-forumy geçirildi

23:5330.06.2021
0
1557
Türkmenistanda halkara media-forumy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gibrid görnüşinde «Syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda Sebitleýin dialogy» atly halkara media-forum geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Çärä syýasatşynaslar, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň habarlar agentlikleriniň we öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we baş redaktorlary, ýurdumyzda akkeditirlenen daşary ýurt KHBS-niň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) Baş sekretary, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Gruziýanyň, Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy KHBS-niň we teleradiokompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdy. Media-foruma, umuman, sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly 29 ýurtdan 100-dеn gowrak žurnalist gatnaşdy.

Tribunada çykyş eden Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hadi Soleýmanpur, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýew dagylar öz çykyşlarynyň barşynda bu Forumyň geljekde Türkmenistanyň durnuklylygy we parahatçylygy, durmuş-ykdysady abadançylygy ösdürmek, şeýle-de dünýä döwletleri bilen diplomatik, sebitde bolsa hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky ymtylmalaryny ýene-de bir gezek tassyklaýan wajyp wakalaryň biri boljakdygy barada bellediler.

Media-forumda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Senagat we tebigy baýlyklar Ministri Denis Afanasýew, «Russiýanyň «Russia Today» halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň Baş direktory Alekseý Nikolow, Belarus Respublikasynyň Milli Döwlet teleradiokompaniýasynyň Başlygy Iwan Eýsmont, Koreýa Respublikasynyň Ýaýlyma beriş ulgamynyň (Korean Broadcasting System) Halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Wansu Kim, Türkiýe Respublikasynyň «TRT-AWAZ» teleýaýlymynyň Baş direktory S.Sarikaýa, Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy N.Berger we beýlekiler sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.

«Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygynyň orunbasary Wladimir Kazarezow, öz çykyşynyň dowamynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasyna beren eksklýuziw interwýusy barada, şeýle-de teleradiokompaniýanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan meýilnamalary barada aýdyp berdi.

Bu dialogyň geljekde sebitde özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak babatda pikir alyşmak üçin wajyp platforma boljakdygyna ynam bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygy A.Hajaýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatmedia» Metbugat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça agentliginiň başlygy A.Salimgaraýew özüniň wideoýüzlenmesinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky media ulgamdaky ysnyşykly gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň taraplaryň köptaraplaýyn dialogy ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň çygrynda hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup durýandygyny belledi.

Gruziýanyň «News Day Georgia» žurnalynyň Baş redaktory Awtandil Otinaşwili özüniň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň sebitde parahatçylyga we durnuklylyga ýetmek, ösüş maksatlaryna ýetmek prosesinde oňyn hereketleriň tebigy, obýektiw faktory bolup durýandygy barada nygtady.

Forumda şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory Nurnepes Kuliýew, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy Merdan Gazakbaýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Arslan Aşyrow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory Batyr Myradow çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň