«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti 27 ― 28-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýurdumyzyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşdy.
Ýeri gelende aýtsak, resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow sergä hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
«Muhammet-Balkan» sergä gelenleriň ünsüni ýurtda we daşary ýurtlarda meşhur bolan önümleriniň ähli görnüşleri bilen çekdi. Olaryň arasynda ýokary hilli deri aýakgaplary, sintetiki halylar we beýlekiler bar.