Gyrgyzystanyň Prezidenti «Miweli ülke» kärhanasynyň eksport edilýän önümlerine gyzyklanma bildirdi

17:5329.06.2021
0
9739

Tutuş ýurdumyz boýunça miwe we bakja önümleriniň üpjünçiligi bilen meşgullanýan «Miweli ülke» hususy kärhanasy Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň eksport önümleriniň sergisinde ýeten sepgitlerini köpçülige görkezdi.

Kompaniýa tutuş ýurdumyz boýunça miwe-bakja önümlerini öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edýär. Miweler we bakja önümleriniň ýokary hillileri saýlanyp alnandan soň, onuň sarp edijilere ter görnüşde ýetirilmegi üçin ähli zerur işler edilýär.

«Miweli ülkäniň» miweleri we bakja önümleri Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowda uly gyzyklanma döretdi.

Miwe-bakja önümlerinden başga-da, «Miweli ülke» hususy kärhanasy «Hoşwagt» söwda nyşanly kofeni, glazurlenen tüwiden we bugdaýdan bally patraklary, şeýle hem mekgejöwenden we bugdaýdan çipsileriniň birnäçe görnüşlerini, guradylan çörek bölejiklerini, dänäni gaýtadan işlemekden alnan birnäçe önümleri we ýakynda täze öndürilip başlan «Jooy» karamel süýjilerini öndürýär. «Hoşwagt» söwda nyşanly önümleriniň aglabasy daşary ýurtlara eksport edilýär, hususan-da mekgejöwenden we bugdaýdan çipsileri Gyrgyzystana eskport edilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň