Ýakynda «Miweli ülke» hususy kärhanasy «Hoşwagt» haryt nyşanynyň täze Jooy karameliniň önümçiligine başlady.
Täze önüm 12 görnüşli ― narpyz, alma, kofe, garpyz, erik, ýer tudana, limon, zirk, nar, koka-kola, ananas we Tutti frutti tagamlarda öndürilýär.
Önüm öndürijileriň habar bermegine görä, Jooy süýjüleri «Hoşwagt» haryt nyşanyny döredijileriň hususy resepti boýunça öndürilýär. Süýjüler özüniň üýtgeşik tagamy we düzüminde GMO-nyň ýoklugy bilen tapawutlanýar.
Önümçiligiň kuwwaty sagatda 200 kg süýji öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, kärhana şu ýylyň ahyryna çenli Jooy süýjüleriniň 300 tonnasyny öndürmegi maksat edinýär.
Täze önümi eksport etmek hem meýilleşdirilýär. Ozal hem, «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň mekgejöwen çipsilerini, gowrulan günebakar çigitlerini, bugdaýdan öndürilýän beýleki önümlerini Özbegistan, Gyrgyzystan we Owganystan döwletlerine eksport edýändigini ýatlamak bolar.
«Miweli ülke» hususy kärhanasy döredilen günlerinden bäri alyp barýan işleriniň gerimini barha giňeldýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, hususy kärhana banan we pyrtykal ösdürip ýetişdirmek üçin 50 gektar meýdany eýeleýän täze ýyladyşhananyň gurluşygyny alyp barýar. Ýyladyşhana Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde ýerleşýär.
Şeýle-de okaň: