Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Miweli ülke» hususy kärhanasy banan we pyrtykal ösdürip ýetişdirmek üçin täze ýyladyşhana toplumyny gurýar

17:5325.05.2021
0
7171

Daşary ýurtlardan gelýän harytlaryň ornuny tutmaga ukyply önümleri öndürmek maksady bilen telekeçi Maksatmyrat Gurbanmuhammedowyň «Miweli ülke» hususy kärhanasy Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde banan we sitrus miwelerini ýetişdirmek üçin 50 gektar meýdany tutýan täze ýyladyşhana toplumyny gurmak işlerine başlady. Ýyladyşhananyň 3 gektar meýdanynda pyrtykal ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirilýär.

Ýyladyşhananyň ýyladyş, howa sazlaýyş we suwaryş ulgamlary dünýäniň iň ösen häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylýar. Ekişden başlap, gaplamaga çenli ähli işler awtomatik usulda amala aşyrylar.

«Miweli ülke» hususy kärhanasy gök-bakja we miwe önümlerini ýurdumyzyň ähli çäklerine eltmek işlerini alyp barmak bilen, «Hoşwagt» haryt nyşanly kofe we kakao önümlerini, süýji mekgejöwenden we bugdaýdan taýýarlanan çipsileri, dänäni gaýtadan işlemekden alnan birnäçe önümleri, guradylan çörek bölejiklerini we bally patraklary öndürýär. Olar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ilata hyzmat edýän azyk söwda dükanlarynda elýeter bahadan satylýar. Şeýle hem hususy kärhananyň önümleri daşary döwletlere eksport edilýär.

Häzirki wagtda Mary şäheriniň Baýram han köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň 10 müň 212 tonnalyk sowadyjy ammarlarynyň gurluşygy dowam edýär. Bu ammar miweleriň we gök-bakja önümleriniň hilini we ýokumlylygyny uzak wagtlap saklamagy üpjün eder.

Döredilen ilkinji günlerinden başlap, «Miweli ülke» hususy kärhanasy Türkmenistanyň ähli sebitlerindäki daýhanlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklap, olardan satyn alnan ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa önümler kärhanada arassalanýar, saýlanýar we amatly gaplara gaplanýar. Ýokary hilli önümleriň her biri olaryň talap edýän saklanyş şertlerine laýyklykda aýry-aýry sowadyjy bölümlere ýerleşdirilýär we ýurdumyzyň içirki söwda bazarlaryna gerek wagty gerekli möçberde ugradylyp durulýar.

Kärhana diňe bir döwletimiziň çäginde geçirilýän sergilere gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän forumlara hem işjeň gatnaşýar. «Miweli ülke» HK şu ýylyň dowamynda Ýaponiýanyň «ROTOBO» assosiasiýasynyň guramagynda «Merkezi Aziýa ― Wirtual EXPO (CAVEX)» ady bilen geçirilen onlaýn-sergisinde we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilen forumda özüniň täze taslamalary bilen sarp edijeleri giňden tanyşdyrdy. Olaryň arasynda tohumlyk ýeralma ekip ýetişdirmek boýunça taslama hem bardyr. Sergide bu hususy kärhana ýeralmanyň 20-ä golaý görnüşiniň tohumlaryny, şol sanda Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň «Pikasso», «Wega», «Sewernoýe siýaniýe», «Ewpatiý», «Plamýa», «Barin», «Melody», «Kumaç», «Gala», «Banba», «Warýag», «Utro», «Muzyka», «Bellaroza», «Kolombo», «Ewolýusiýa», «Krasawçik», «Agriýa» ýaly ýeralma tohumlaryny görkezdi. Geljekde kärhana tarapyndan ýeralmanyň bu görnüşlerini ýerli toprak-howa şertlerinde synagdan geçirip görmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem şu ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň telekeçileriniň arasynda yglan edilen bäsleşikde «Miweli ülke» hususy kärhanasy ýylyň iň öňdebaryjy eksport edijileriniň üçlügine girdi.

«Miweli ülke» hususy kärhanasynyň agzybir işgärleri ähli türkmenistanlylary we hormatly Prezidentimizi ýetip gelen ajaýyp baýram ― Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýarlar. Olaryň her biri eziz Diýarymyzyň şanyna şöhrat goşýan mermer şäherimiziň goýnunda elmydama söýginiň, bagtyýarlygyň hem şatlyk-şowhunyň gaýnap joşmagyny, geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ylhamyndan görk alýan Aşgabadyň at-owazasynyň dünýä dolmagyny arzuw edýärler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň