«Miweli ülke» hususy kärhanasy dürli görnüşli gök-önümleri we miweleri satyn alýar

19:2103.05.2021
0
7779

«Miweli ülke» hususy kärhanasy önüm öndürijilerden alma, garaly, şetdaly, erik, armyt, ülje, üzüm, nar ýaly miweleri, ýeralma, sogan, käşir, kelem, şugundyr ýaly gök-bakja önümleri, şeýle hem kösükli we däneli ekinleri ylalaşykly bahadan satyn alýar diýip, Rysgal gazeti habar berýär.

Ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmek, ildeşlerimiziň ekologiýa taýdan arassa gök-bakja önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak ýaly maksatlardan ugur alýan «Miweli ülke» hususy kärhanasy ýylyň dört paslynda köpugurly işleri amala aşyrýar.

Kärhana 50 gektar ýer bölegindäki ýerleşdirilmeli ýyladyşhana toplumynda banan we sitrus miwelerini ösdürip ýetişdirmekligi meýilleşdirýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, gök bazarlarymyzdaky import harytlaryň ýerini doldurmak maksadyna laýyklykda «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýeralma ýetişdirmek taslamalaryny durmuşa geçirmekligi özlerine maksat edinýärler.

Habarlaşmak üçin belgiler: (+993 522) 7-98-89; 7-98-99

Resmi web sahypa: www.miweliulke.com.tm

E-mail: tmfreshfruits@gmail.com

Salgysy: Mary welaýaty, Mary şäheri. Peşanaly ýolunyň ugrundaky 33-nji jaýy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň