«Miweli ülke» hususy kärhanasy kofe önümleriniň görnüşini giňeldýär

17:1616.01.2021
0
9680
«Miweli ülke» hususy kärhanasy kofe önümleriniň görnüşini giňeldýär

Köpümiz üçin günümizi kofe bilen başlamaklyk, adaty endige öwrüldi. Çünki, kofeniň ruhlandyryjy ysy ynsan üçin diýseň ýakymly zatdyr.

«Miweli ülke» hususy kärhanasynyň «Hoşwagt» haryt nyşany bolan dürli tagamly kofe önümleri ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň örän tiz isleg bildirýän önümleriniň biri boldy.

Mundan bäş ýyl ozal, kärhana bu meşhur içginiň diňe dört görnüşini öndüripdi. Häzirki wagtda bolsa «Hoşwagt» kofesiniň dürli görnüşlerini ýurdumyzyň ähli dükanlaryndan alyp bolýar we bahasy hem hili boýunça import edilýän kofeler bilen bäsleşip bilýär.

Import edilýän önümleriň ornuny tutýan «Berk», «Süýtli», «Tokaý hozy tagamly», «Kapuçino» ýaly kofe önümleri eksporta gönükdirilen önümlerdir. «Gyzgyn şokolady» we «Gold» ýaly gyzgyn şokoladly kofeleri «Miweli ülke" hususy kärhanasyna üstünlik getiren önümler diýip hem atlandyryp bolar.

«Lezzeti tebigatdan, hili bizden» şygary bilen işleýän «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň önümleriniň meşhurlygy ýylsaýyn artýar. Muňa, önümleriniň Owganystan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Birleşen Arap Emirlikleri we Russiýa ýaly ýurtlara eksport edilmekligi hem şaýatlyk edýär.

«Hoşwagt» haryt nyşanly önümleriň görnüşine mekgejöwen taýajyklary, çigit, gant we çipsi önümleri girýär. Hususy kärhananyň ähli önümleri ISO we HALAL bilen kepillendirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň