Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Koton Kids dükanyna çagalar üçin täze harytlar gelip gowuşdy

17:4325.06.2021
0
8058

Döwrebap haryt-nyşanly Koton Kids egin-eşikleriniň dükany çagalar üçin niýetlenilen ýokary hilli täze harytlaryň gelip gowşandygyny habar berýär.

Bu ýerde köýnekçeleriň, şortikleriň, suwda ýüzülende geýilýän eşikleriň we beýlekileriň giň toplumy alyjylara hödürlenilýär. Ähli ölçeglerdäki we dürli reňklerdäki täze hem döwrebap egin-eşikler körpeleri we olaryň ene-atalaryny begendirýär. Ähli egin-eşikleriň tebigy pagtadan taýýarlanyp, gipoallergen häsiýetine eýedigi aýratyn bellärliklidir.

Türkiýäniň Koton haryt nyşany 30 ýyl bäri hereket edip, dünýäniň 25 döwletinde öz harytlaryny alyjylara ýetirýär. Kompaniýa öz önümlerine bir möwsümiň dowamynda birnäçe gezek täzelikler girizýär. Önümçiligiň çalt depgini Koton haryt nyşanyna degişli egin-eşiklere elmydama döwrebaplyga eýermäge mümkinçilik berýär. Bir möwsümde kompaniýa tarapyndan egin-eşikleriň täze 4 toplumy taýýarlanylýar. Sarp edijileriň bazarynda Koton Kids çaga egin-eşikleri ýokary hilliligi, howpsuzlygy hem döwrebaplygy bilen ilkinji orunlary eýeleýär.

Koton Kids dükany «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň ikinji gatynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 63077755; +993 61644059.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň