Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdylar

09:5325.06.2021
0
3104

Paýtagtymyzda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylarynyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekili Kristina Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Onuň gün tertibine hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasyny hem-de ýerlerde ýokary hilli hyzmatlary ornaşdyrmak arkaly durmuş goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça DÖM-niň Bilelikdäki maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Ýurt maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde ÝUNISEF-niň biziň ýurdumyzyň Hökümetine “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllarda Milli strategiýada”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllarda hereketleriň Milli meýilnamasynda” kesgitlenilen wezipeleri çözmäge ýardam bermäge taýýardygy beýan edildi.

Duşuşygyň dowamynda ilatyň abadançylygynyň we durmuşynyň hiliniň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, adam mümkinçiliklerini ösdürmek üçin mynasyp şertleriň döredilmeginiň milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigi hem nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýerlerde maşgala abadançylygyna gönükdirilen ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny hödürlemekde Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem işjeňleşdirmek barada aýdyp, ýakyn geljek üçin gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk çäreleri kesgitlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň