Soňky habarlar

Arhiw

TFF-niň kubogy ― 2021: «Aşgabat» bilen «Energetigiň» arasyndaky duşuşykda hasap açylmady

23:5319.06.2021
0
3736

«Aşgabat» futbol topary TFF-niň kubogy ugrundaky ýaryşda Marynyň «Energetigi» bilen 0:0 hasabyndaky deňlik bilen oýnady. Duşuşyk «A» toparçanyň 2-nji tapgyrynyň çäginde geçirildi.

Şeýlelikde, yzda galan iki tapgyrdan soňra bu toparlaryň her biri 4 utuk toplap, «A» toparçanyň başyny çekýär.

Ýaryş ertir «B» toparçadaky «Merw» ― «Ahal» hem-de «Köpetdag» ― «Nebitçi» duşuşyklary bilen dowam eder. TFF-niň kubogynyň eýesi 27-nji iýunda geçiriljek finaldan soň belli bolar.

TFF-niň kubogy ― 2021. 2-nji tapgyr, «A» toparça.

«Energetik» ― «Aşgabat» ― 0:0.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň