Top.Mail.Ru

Daşoguzdaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar

12:5911.06.2021
0
9304

Daşoguzda «Türkmenin ak öýi» atly sosial-medeni maksatly täze uly desganyň gurluşygy jemleýji tapgyra girdi. Bu desga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda «Röwşen» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edilýär.

«Türkmenin ak öýi» umumymilli we halkara ähmiýetli köpçülikleýin çäreleri, şeýle hem baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge niýetlenen desgalaryň giden bir toplumydyr.

Täze gurulýan desga – ägirt uly ak öý – türkmen halkynyň jaý gurmak täriniň özboluşly däplerini we binagärlik sungatynyň häzirki zaman gazananlaryny özünde sazlaşykly utgaşdyrýar. Onuň içki dizaýny özboluşly aýratynlygy we aýdyň beýan edilen milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Bina bezelende, haly nagyşlary, türkmeniň ak öýüniň tärimini gaýtalaýan bezeg elementleri ulanylypdyr.

Binanyň umumy meýdany 11 gektar, beýikligi bolsa 45 metrden ýokarydyr. Jaý bejerilip timarlananda, mermer we reňkli aýna nagyşlar ulanylypdyr, sokol böleginiň we daşky basgançaklaryň ýüzüne granit tutulypdyr.

Toplumyň birinji gatynda sahnaly, aýlamçaly we estradaly üç müň orunlyk zal ýerleşýär. Ikinji gatda giň zally esasy giriş geýimasar sergi zaly bilen utgaşdyrylypdyr. Binada üç kafe, çaýhana, edara we beýleki otaglar ýerleşýär. Bu ýerde akustik ulgamlar we iri çäreleri geçirmek, şeýle hem gyzykly tomaşalary görkezmek üçin ähli zerur enjamlar oturdylar.

Gurulýan topluma aýratyn duran üç müň orunlyk sadaka jaýy, dürli çäreleri geçirmek üçin açyk meýdanlar, awtomobil duralgasy we dikuçar üçin uçuş-gonuş meýdançasy, tehniki binalar toplumy we howdanlar hem beýlekiler girýär.

Häzirki wagtda binanyň içinde bezeg işleri alnyp barylýar, elektrik kabelleri geçirilýär, sowadyş we salkynladyş ulgamlary gurnalýar. Ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylýar. Meselem, bag ekilen ýerleriň meýdany 35418 inedördül metre barabardyr. Ol ýerde pürli, gyrymsy agaçlaryň we gülleriň dürli görnüşleri ekilipdir. Yşyklandyrma üçin torşer kysymly 150 bezeg sütüni dikilipdir.

Daşoguzdaky «Türkmenin ak öýi» soňky ýyllarda şäheriň bu böleginde dürli maksatly gurlan ak mermerli desgalardan döredilen täze binagärlik toplumynyň düzüm bölegi bolar. Olaryň arasynda 350 orunlyk döwrebap myhmanhana, «Bagt köşgi», döwrebap atçylyk sport toplumy, on müň orunlyk stadion we beýlekiler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň