Günorta Afrikanyň ýaşaýjysy birbada 10 çaga dogurdy we dünýä rekordyny täzeledi

13:1009.06.2021
0
20940

"Africanews" portalynyň habaryna görä, Günorta Afrikada bir aýal birbada 10 çaga dogurdy we dünýä rekordyny täzeledi.

Günorta Afrikanyň Gauteng Gosiame welaýatynyň ýaşaýjysy 37 ýaşly Tamara Sitohle ýedi oglan we üç gyz dogurdy.

Aýalyň sözlerine görä, ol göwrelilik döwrüni haýran galyjylyk bilen, saglyk ýagdaýy babatda örän kyn halda geçiripdir.

Tamara Sitohle lukmanlardan göwresinde bir çaga däl-de, birbada sekiz çaga göterýändigini eşideninde, öz saglygyna seredip, göwresindäki çagalaryň ählisini sagdyn götermeklik barada aladalanypdyr. Ýöne, lukmanlar Tamaranyň göwresinde birbada sekiz çaga göterýändigi baradaky pikirde ýalňyşypdyrlar. Çünki, ol birbada sekiz çaga däl-de on çaga dünýä indirdi.

Mundan öň, şu ýylyň maý aýynda Maliniň ýaşaýjysy 9 çaga dogrup, dünýä rekordyny goýdy. Bu rekordy bolsa 10 çaga dogran afrikaly zenan Tamara Sitohle täzeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň