Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen parlamentarileri IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdylar

23:4928.05.2021
0
3586

Türkmen parlamentarileri sanly wideoaragatnaşyk arkaly şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdylar. GDA-a agza ýurtlaryň Parlamentara assambleýasy tarapyndan guralan forum “Planetanyň ekologiýasy—durnukly ösüş” ady bilen geçirildi.

Kongresiň işewür maksatnamasy umumy mejlisi hem-de “tegelek stollary” öz içine aldy. Şolarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigatdan peýdalanmak we daşky gurşawy goramak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek ulgamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen halkara düzümleri bilen parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, “ýaşyl ykdysadyýete” geçmek, ekologiýa medeniýetiniň ornuny ýokarlandyrmak, ilatyň bilimi, sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky maksatlaryny öňe ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suw serişdeleriniň utgaşykly dolandyrylmagyna, ekologiýa taýdan aň-düşünjäniň artmagyna we ekosyýahatçylyga, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly milli strategiýalar hem-de taslamalar ulgamynda tejribeleriň alşylmagyna, täze ählumumy howa syýasatyna, tokaý serişdelerine, “ýaşyl” energetika, ykdysadyýetiň galyndysyz ulgamynyň kemala getirilmegine we beýlekilere aýratyn üns berildi.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet tebigaty goraýyş syýasatynyň hem-de Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň möhüm ugurlary, tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, biologiýa köpdürlüligini gorap saklamak, ýurdumyzda gurulýan senagat desgalarynda döwrebap, ekologiýa taýdan arassa we tygşytly “ýaşyl” tehnologiýalary peýdalanmak ulgamynda amala aşyrylýan milli, sebit hem-de halkara derejesindäki giň gerimli ekologiýa maksatnamalary we taslamalary bilen tanyşdyryldy.

Ýurdumyzyň döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary hem-de bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň