Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy

13:0822.05.2021
0
8334
Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Hökümetiň 21-nji maýda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna “Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Maksatnamanyň taslamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alnyp hem-de adamlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ilatymyzyň saglygyny goramak babatda düşünjelerini artdyrmak hem-de her bir adamda öz saglygyny gorap saklamak we berkitmek üçin şahsy jogapkärçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanyldy.

Halkyň saglygyny gorap saklamak, ýurduň durnukly ykdysady ösüşiniň esaslaryny döretmek, ilatyň ýokary durmuş derejesini gazanmak, milletiň genofonduny pugtalandyrmak we ösdürmek, döwletiň içeri syýasatynyň esasy wezipesi hökmünde ilatyň sagdyn, işjeň hem-de döredijilik durmuşyny kepillendirmek, lukmanlaryň immunologiýa baradaky bilimlerini has-da ösdürmek, immun ulgamynyň işleýiş ýagdaýyna baha bermegiň esasy ölçegleri baradaky bilimleri girizmek we beýleki kadalar Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri bolup durýar.

Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde, keselleriň öňüni almak, anyklamak hem-de bejermek boýunça innowasion tehnologiýalara esaslanýan çäreler durmuşa geçiriler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň immun derejesini ýokarlandyrmagyň, keselleriň öňüni almagyň, irki anyklaýyş hem-de öz wagtynda bejeriş işleriniň bütin dünýä üçin ýeňil bolmadyk häzirki wagtda milli saglygy goraýşyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky, wajyp wezipeleriň biridigini nygtady.

Döwlet Baştutany Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi hem-de wise-premýere bu resminamany durmuşa geçirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň