Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda geçirilen teatr bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

21:0017.05.2021
0
8939

16-njy maýda paýtagtyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Türkmenistanyň teatr sungaty” atly bäsleşigiň jemleýji dabarasy bolup geçdi.

Sahna professor Nurmuhammet Keşşikow we Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Allaberdiýew çagyrylýar. Teatr sungatynyň şu halypalaryna bäsleşigiň netijelerini yglan etmek boýunça hormatly wezipe ynanylypdyr.

Döredijilik toparlarynyň ählisine bäsleşige işjeň gatnaşandygy üçin Hormat hatlary gowşuryldy.

Höweslendiriji baýrak dört bäsdeşe (asly hünäri aktýor bolmadyk üç kişä we sahna suratkeşine): «Soltanyň dogruçyllygy hakynda rowaýat» oýnunda oglanyň roluny ýerine ýetirendigi üçin Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Yklym Begliýewe, Balkan welaýat drama teatrynyň “Jelaletdin soltan” oýnunda Jelaletdiniň çagalyk döwrüniň roluny ýerine ýetirendigi üçin Hangeldi Ylýasowa we Daşoguz welaýat drama teatrynyň “Watana tagzym” sahnasynda Arslanyň çagalykdaky keşbini döredenligi üçin Käbeşyh Bekiýewe, şeýle hem “Döwürleriň söhbeti” spektaklynyň sahna bezegi üçin Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna suratkeşi Kerim Nuryýewe berildi.

Hemmeler bäsleşigiň esasy ugurlary boýunça ýeňijileriň yglan edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.

Iň gowy aýal keşbini döredenligi üçin baýraga Baş drama teatrynyň “Ömür daragty” oýnunyň baş gahrymany Perizadyň roluny ýerine ýetiren Şemşat Kasymowa mynasyp bolýar.

Iň gowy erkek keşbini döredenligi üçin ýeňijiniň baýragy bolsa A. S. Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň “Türkmeniň bagty” oýnunda Magtymgulynyň roluny ýerine ýetiren Andreý Pawlowa gowşuryldy.

Ikinji plandaky iň gowy keşbi döredenligi boýunça yglan edilen baýraga Baş drama teatrynyň “Ömür daragty” oýnunda Kiçigyzyň roluny ýerine ýetiren Dilşat Meläýewa eýe boldy.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda goýlan „Seýitnazar Seýdi” oýnunyň bezegini ýerine ýetiren Mekan Annamyradow iň gowy sahna bezegi baýragyna mynasyp görüldi.

Iň gowy drama eserini döredenligi üçin baýragy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow aldy.

“Ýaş zehin” bäsleşigi boýunça “Üç dana” oýnunda agtyjagyň roluny oýnan Lebap welaýatynyň drama teatrynyň aktrisasy Dursun Taganowa ýeňiji boldy.

Teatr bäsleşiginiň iň gowy sahna işleri diýlip: Baş drama teatrynyň “Ömür daragty” oýnuna – I, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň “Alpnama” atly oýnuna II,– Mary welaýat drama teatrynyň “Arçman hakynda rowaýat” atly oýnuna III orun berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň