AFK-nyň kubogy ― 2021: täjik toparlary iň kän garşydaşlarymyz

15:4415.05.2021
0
829

AFK-nyň kubogy ― 2021-iň çägindäki düýnki duşuşyklary ýurdumyzyň toparlarynyň ikisi hem Täjigistana wekilçilik edýän toparlar bilen geçirdi. Has takygy, «Altyn asyr» «Hujand», «Ahal» bolsa «Rawşan» bilen duşuşdy.

Şeýlelikde, şu duşuşyklardan soňra yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda biziň toparlarymyz täjik toparlary bilen geçiren duşuşyklarynyň sanyny 18-e çykardylar. Munuň özi biziň ähli garşydaşlarymyzyň arasyndaky iň ýokary netijedir.

Ýeri gelende aýtsak, ikinji orunda 17 duşuşyk bilen gyrgyz, üçünji orunda bolsa 11 duşuşyk bilen Liwanyň toparlary bar.

Ýurdumyzyň toparlary 18 duşuşygyň 10-syny «Istiklol», 7-sini «Hujand» we diňe birini «Rawşan» bilen geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň