Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda çagalar üçin täze dynç alyş merkezi açylýar

13:3015.05.2021
0
42449

Ertir, 16-njy maýda paýtagtymyzdaky «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkezinde «Täsin» atly täze çagalar dynç alyş merkezi gapylaryny giňden açar. Bu waka mynasybetli 25-nji maýa çenli çagalar üçin ähli «çaga meýdançalarynda» arzanladyş yglan ediler. Täze çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramçylyk çäreleri bilen sazlaşýar.

Täze dynç alyş merkeziniň ýaşajyk myhmanlaryna masgarabazlaryň, animatorlaryň hem-de gözbagçylaryň ýörite çykyşlary, sabyn köpürjikleriniň tomaşasy, ýaryşlardyr sowgatlar we tanslar hödürleniler.

Çagalar üçin täze dynç alyş merkezine gelmek isleýän uly we kiçi ýaşly myhmanlar Görogly köçesiniň 122-nji jaýynda ýerleşýän «Aşgabadyň ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezine çagyrylýar.

Sorag-jogap üçin 90-73-05 we 90-62-92 telefon belgilerine ýüz tutmak bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň