«Tik Tok» işgär we iş tapmaga ýardam edýär

16:4512.05.2021
0
5481

«Tik Tok» mundan beýläk adamlara işe ýerleşmäge we işgär gözleýän taraplara kömek eder.

«Ferra.ru»-nyň «Axios»-a salgylanyp habar berşi ýaly, «Tik Tok» sosial ulgamy munuň üçin eýýäm ýörite web sahypasyny hem synagdan geçirýär. Bu sahypa «Tik Tok» arkaly baglanyp bolar.

Täze hyzmatyň kömegi bilen işgär we iş tapmak meseleleri has ýeňillik bilen çözüler. Şeýle hem iş gözleýänler «Tik Tok» wideosy görnüşinde özleri barada maglumat ýerleşdirip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň