14-nji maýda AFK-nyň kubogy ― 2021-iň toparçalaýyn bäsleşiklerine badalga berler. Merkezi Aziýa sebitiniň toparçalaýyn bäsleşikleriniň Täjigistanda hem-de Gyrgyz Respublikasynda geçirilýändigini ýatladýarys.
AFK-nyň kubogy ― 2021-iň toparçalaýyn bäsleşigi 14 ― 20-nji maý aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçirilip, toparçalaryň ýeňijileri sebitleýin finalda duşuşmaga mümkinçilik alarlar. Iki oýundan ybarat bolan final duşuşygy 11 ― 25-nji awgustda geçiriler ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.
Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi «Altyn asyr» topary «F» toparçada Özbegistanyň futbol çempionatyny ikinji hatarda tamamlan «Nasaf», Täjigistanyň futbol birinjiliginiň kümüş medalynyň eýesi «Hujand» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempionatyny ikinji hatarda tamamlan «Alaý» toparlary bilen bäsleşer.
«E» toparça düşen «Ahal» toparynyň garşydaşlary Täjigistanyň Kubok bäsleşiginiň ýeňijisi «Rawşan» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Dordoý» toparlary bolarlar.
AFK-nyň Kubogy - 2021
Merkezi sebit
“Е” toparça (geçirilýän ýeri: Bişkek ş., “Dolon Omurzakow” st.):
“Rawşan” (Täjigistan)
“Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy)
“AHAL” (TÜRKMENISTAN)
1-nji tapgyr, 14-nji maý (anna):
19:00 «AHAL» (TÜRKMENISTAN) - «Rawşan» (Täjigistan)
2-nji tapgyr, 17-nji maý (duşenbe):
19:00 «Dordoý» (Gyrgyz Respublikasy) - «AHAL» (TÜRKMENISTAN)
3-nji tapgyr, 20-nji maý (penşenbe):
19:00 «Rawşan» (Täjigistan) - «Dordoý» (Gyrgyz Respublikasy)
“F” toparça (geçirilýän ýeri: Duşenbe, “Merkezi” st.):
“Nasaf” (Özbegistan)
“ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN)
“Hojand” (Täjigistan)
“Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)
1-nji tapgyr, 14-nji maý (anna):
17:00 “Nasaf” (Özbegistan) - “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)
21:05 “ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN) - “Hujand” (Täjigistan)
2-nji tapgyr, 17-nji maý (duşenbe):
17:00 “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy) - “ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN)
21:05 “Hujand” (Täjigistan) - “Nasaf” (Özbegistan)
3-nji tapgyr, 20-nji maý (penşenbe):
17:00 “Nasaf” (Özbegistan) - “ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN)
21:05 “Hujand” (Täjigistan) - “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)
Bellik: Duşuşyklaryň geçirilýän wagtlary Aşgabat wagty bilen görkezilen.