Soňky habarlar

Arhiw

Selim Nurmyradow Liwanyň "Al-Ahedine" goşuldy

12:2812.05.2021
0
7846

Türkmenistanly futbolçy Selim Nurmyradow hünär ýoluny AFK-nyň Kubogy-2019-yň ýeňijisi Liwanyň “Al-Ahed” toparynda dowam eder - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Geçen möwsüm “Bunýodkor” toparynda çykyş eden S.Nurmyradow Özbegistanyň futbol çempionatynda geçiren 17 duşuşygynda netijeli urgularyň ikisini geçirendigini bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, “Al-Ahed” topary AFK-nyň Kubogy-2021-iň toparçalaýyn bäsleşiginde “A” toparçada çykyş eder. Ildeşimiziň çykyş edýän toparynyň garşydaşlary “Al-Hidd” (Bahreýn), “Al-Wahda” (Siriýa) hem-de “Al-Nasr” (Oman) toparlary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň