Berdimuhamedowa Aşgabatda ulaglaryň hereketini çäklendirmek bilen bagly ekologiýa çäresine badalga berlendigi habar berildi

23:3310.05.2021
1
13679
Berdimuhamedowa Aşgabatda ulaglaryň hereketini çäklendirmek bilen bagly ekologiýa çäresine badalga berlendigi habar berildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ýaztagan Gylyjow milletiň Liderine şäher häkimligi we paýtagtymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýurdumyzyň baş şäheriniň şanly 140 ýyllygynyň hormatyna ekologiýa çäresiniň yglan edilip, awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilendigini mälim etdi.

2021-nji ýylyň 10 — 25-nji maýy aralygynda hem şäher awtobuslaryndan, taksilerinden we beýleki jemgyýetçilik ulaglaryndan başga awtoulag serişdeleriniň hereketi çäklendirilýär. Adamlaryň sagdyn durmuşy üçin amatly gurşawy döretmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini üpjün etmäge hem-de arassaçylyk kadalaryny berjaý etmäge gönükdirilen bu çäreler ilatyň giň goldawyna eýe bolýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň döwrüň döredijilik ruhuna kybap gelmegi üçin ähli tagallalary etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň