Soňky habarlar

Arhiw

1961-nji ýylda öndürilen «Bentley Continental» elektrikli ulaga öwrüldi

16:4408.05.2021
0
1936
1961-nji ýylda öndürilen «Bentley Continental» elektrikli ulaga öwrüldi

Beýik Britaniýanyň «Lunaz Design» dizaýn kompaniýasy 1961-nji ýylda öndürilen «Bentley Continental» ulagyny elektrik bilen işleýän ulaga öwürdi. Şeýlelikde, «Bentley Continental Flying Spur» ulagynyň elektrik bilen işleýän görnüşiniň bahasy 350 müň funt sterlinge çykdy.

60 ýaşly, juda seýrek gabat gelýän bu ulag döwrebap usullar bilen dikeldildi. Elektrikli hereketlendiriji bolsa onuň kapotynyň aşagynda ýerleşdirildi.

Täze ulagyň esasy aýratynlyklary regeneratiw duruzyjyny, kruiz dolandyryşy we çekiş gözegçiligini öz içine alýar.

«Formacar.com» neşiriniň habaryna görä, 80 kWt-lyk batareýanyň bir zarýady takmynan 400 kilometr ýol geçmek üçin ýeterlik bolar.

«Lunaz» önümhanasy indi birnäçe ýyldan bäri nusgawy awtoulaglary döwrebap röwüşde dikeltmek bilen meşgullanýar. Kompaniýa şu ýyl önümçilik ýerlerini giňeldip, işgärlerini köpeltmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň