Soňky habarlar

Arhiw

Mirziýoýew Aşgabada gelip, Berdimuhamedowa gynanç bildirdi

23:2829.04.2021
0
7223

29-njy aprelde hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi. Oňa şu gün paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda iki döwletiň Liderleriniň arasynda gepleşik geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-özbek gatnaşyklary hakyky dost-doganlyga hem-de ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýän halklarymyzyň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýar diýip belledi.

Dostlukly goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasynyň aradan çykmagy zerarly milli Liderimize we maşgala agzalaryna gynanç bildirip, şu agyr pursatlarda sabyr-takatlylyk, ruhy durnuklylyk arzuw etdi.

Gudraty Güýçli Allatagalanyň emri bilen Mälikguly aga dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza aýynyň şu nurana günlerinde bu dünýeden ötdi. Bu asylly we hoşniýetli ynsan onuň ýakynlarynyň hem-de ähli ildeşleriniň ýüreklerinde parasatly halypa hem-de ömrüni Watanyna we mähriban halkyna hyzmat etmäge bagyşlan hakyky watançy hökmünde hemişelik galar. Mälikguly Berdimuhamedowyň ady, ol baradaky ýagty hakyda Türkmenistanyň taryhyna hemişelik ýazylar diýip, Özbegistanyň Baştutany nygtady.

Belent mertebeli myhman şeýle hem türkmen Lideriniň Türkmenistanyň Baş metjidinde berýän agzaçar sadakasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, berilýän sadakanyň hem-de okalýan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Milli Lider duýgudaşlyk we medet beriji sözler üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Prezidentiniň şu agyr pursatlarda hakyky dost hökmünde gynanjyny paýlaşýandygyna ýokary baha berýändigini belledi.

Özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny, geljek üçin niýetlenen meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew söwda-ykdysady pudakda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hasaplanýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli höweslendirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit gün tertibiniň we halkara syýasatyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe goldaw sözleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, iki goňşy ýurduň hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şol gatnaşyklar bolsa birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine hem-de taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň