Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň, Eýranyň we Ýaponiýanyň ýygyndylary futzal boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

20:5628.04.2021
0
5726

Özbegistanyň, Eýranyň we Ýaponiýanyň futzal boýunça milli ýygyndylary şu ýyl Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna AFK-dan gatnaşjak ýygyndylar boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

AFK bu karara milli ýygyndylaryň soňky yklym çempionatyndaky netijelerine görä geldi. Galan iki ýygyndy bolsa Yragyň, Liwanyň, Tailandyň we Wýetnamyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek saýlama duşuşyklaryň netijesinde belli bolar.

Mälim bolşy ýaly, Futzal boýunça Aziýa çempionatyny Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilipdi. Pandemiýa sebäpli ol, Kuweýte geçirilen hem bolsa, doly ýatyryldy. Şeýlelikde, AFK dünýä çempionatyna gatnaşjak ýygyndylary ozalky çempionatlaryň netijelerine görä saýlady.

Şeýlelikde, dünýä çempionatyna AFK-dan 5 ýygyndy gatnaşar. Şeýle hem KONKAKAF dört ýygyndy bilen gatnaşar.

Dünýä çempionatynyň final tapgyry şu ýylyň 12-nji sentýabrynda başlanar.

Dünýä çempionatyna 24 ýygyndy gatnaşar. Häzirki wagta çenli şolaryň 17-si belli bolady. Galan ýygyndylar maý aýynda geçiriljek saýlama duşuşyklardan soň belli bolar.

Dünýä çempionatyna gatnaşmagy belli bolan ýygyndylar:

  1. Litwa (ýer eýesi)
  2. Solomon adalary
  3. Russiýa
  4. Portugaliýa
  5. Ispaniýa
  6. Marokko
  7. Müsür
  8. Angola
  9. Braziliýa
  10. Argentina
  11. Paragwaý
  12. Wenesuela
  13. Çehiýa
  14. Serbiýa
  15. Eýran
  16. Ýaponiýa
  17. Özbegistan.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň