Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda lybaslaryň iň gowy dizaýnlarynyň bäsleşigi yglan edildi

12:5120.04.2021
0
19449

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde modeller öýleriniň arasynda «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» atly bäsleşigi yglan edýär. Bu barada türkmen metbugaty habar berdi.

Bäsleşik esasy 3 ugur (nominasiýa) boýunça geçirilýär:

  • «Baýramçylyk lybaslarynyň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin),
  • «Sport egin-eşikleriniň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin),
  • «Gündelik geýilýän egin-eşikleriň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin).

Ýeňijiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň şahadatnamasy we sowgatlary bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň arzalary 2021-nji ýylyň 26-njy apreline çenli kabul edilýär.

Salgysy: 744000, Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy.

Elektron salgysy: tmtextile@online.tm; tdsm-tikin@online.tm

Telefon belgileri: 40-70-72; 40-70-71; 40-70-68; 40-70-69; faks belgisi: 21-08-98.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň