Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda intellektual eýeçilik obýektlerini goramak boýunça pudagara topary dörediler

17:3017.04.2021
0
9118

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň intellektual eýeçiligi goramak ulgamyny ösdürmek we degişli ulgamda hereket edýän döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda gol çeken Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna we bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, intellektual eýeçilik obýektlerini goramak boýunça pudagara topary döretmek, topar barada Düzgünnamany taýýarlamak we tassyklamak göz öňünde tutuldy.

Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli edaralar bilen bilelikde resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Pudagara toparyň esasy wezipeleri intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak babatda döwlet syýasatyny emele getirmek boýunça teklipleri işläp düzmek, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça intellektual eýeçiligi goramak ulgamynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn pudagara çäreleri geçirmegi meýilleşdirmek we guramak bolup durýar.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, intellektual eýeçilik obýektlerini goramagyň milli hukuk namalarynda hem-de biziň ýurdumyzyň gatnaşýan halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan düzgün-kadalaryň jemi bilen üpjün edilýändigini belledi. Döwlet Baştutany hödürlenen teklibiň möhümdigini belläp, wise-premýere işlenip taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryny degişli edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň