Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Merkezi Aziýada we Kawkazda iýmit bilen bagly hyzmatdaşlygy utgaşdyrar

23:2915.04.2021
0
2393
Türkmenistan Merkezi Aziýada we Kawkazda iýmit bilen bagly hyzmatdaşlygy utgaşdyrar

Türkmenistan Merkezi Aziýada we Kawkazda iýmit ulgamynda ösüşiň we hyzmtdaşlygyň Sebitleýin maksatnamasyna indiki iki ýylda başlyklyk eder. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

ÝUNISEF-iň Aşgabatdaky wekiliniň habar bermegine görä türkmen paýtagtynda geçen penşenbe güni bolup geçen parahatçylyk we ynanyşmak meseleleri boýunça ýokary derejeli halkara maslahatynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Çagalar Gaznasynyň arasynda özara düşünişmegiň Ähtnamasyna gol çekildi.

Ähtnama Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senegaty ministri Nurmuhammet Amannnepesow we ÝUNISEF-iň Aşgabatdaky wekili Kristin Weýgand gol çekdi.

Bu maksatnama Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň 8 ýurdunda (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan, Ermenistan, Azerbaýjan we Gürjüstan) iýmiti we azyk ulgamynyň mümkinçiliklerini dolandyrmagy ösdürmek boýunça köptaraply hyzmatdaşlygyň serişdesidir.

Kristin Weýgand Ähtnama gol çekmegiň dabarasynda çaga iýmitiniň we sebitde azyk howpsuzlygynyň ähmiýetiniň ileri tutulmagyna wajyp üns berýänligi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Bu sebitleýin başlangyç 2014-nji ýylyň noýabr aýynda - iýmit baradaky Ikinji Halkara Maslahatynyň (ICN2) agza-döwletleri iýmit ýetmezçiliginiň ähli görnüşlerini we sebäplerini ýok etmegiň borçlaryny öz üstlerine alan wagtynda teklip edilipdi. Bu ýurtlar 2-nji SUR-da (açlygyň soňuna çykmak we azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak) we 3-nji SUR-da (saglygy gowulandyrmak we ýokanç däl keselleriň kynçylyklaryny ýeňilleşdirmek) öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrundaky toparlaýyn hereketleriň umumy çemeleşmelerini işläp düzdüler.

BMG-niň Baş Assambleýasy degişli rezolýusiýanyň esasynda ICN2-niň çagyryşlaryny tassyklady we 2016-2025-nji ýyllary BMG-niň azyk iýmiti boýunça herketleriniň Onýyllygy diýip yglan etdi. Şeýlelikde BMG dünýädäki iýmit ýetmezçiliginiň ähli görnüşleriniň meselelerini çözmek üçin wagtyň çägini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň