Top.Mail.Ru

Aşgabatda akkordeonçylaryň konserti boldy

20:1413.04.2021
0
8611

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda D.Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň akkordeonçylar orkestri çykyş etdi. Onuň dirižýory saz mugallymy Astanguly Baýramowdyr. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Аstanguly — TMK-nyň ýanyndaky Ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň uçurymy. Ol soňra okuwyny Kazanyň döwlet konserwatoriýasynda dowam etdirdi. 2018-nji ýylda şol okuw jaýyny tamamlap, D. Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde mugallymçylyk kärine başlady. Şol bir wagtda-da ol mekdepde okaýan 30 talypdan ybarat akkordeonçylar saz toparyny döretdi.

Akkordeonçylaryň çykyşy meşhur Şükür bagşynyň çalan sazlarynyň Astanguly Baýramow tarapyndan täzeden işlenen nusgalaryndan başlandy. Şol özüne çekiji äheňlerde türkmen tebigatynyň gözellikleriniň täsirini duýmak, taryhy wakalarynyň ýaňyny, şahyrlaryň waspyny ýetiren ýüwrük ahalteke bedewleriniň toýnaklarynyň dükürdisini eşitmek bolýar.

Şeýle hem bu çykyşda dürli ugurlara degişli saz eserleri ýerine ýetirildi. Pawel Tursunowyň «Таngosy», Joakkino Rossininiň «Sewil dellegi» operasyndan Figaronyň ariýasynyň sazy, Boris Weksleriň «Mоldawan heňleri», Aleksandr Borodiniň «Knýaz Igor» operasyndan «Polowesleriň tanslarynyň» sazy we beýlekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň