Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli «Bagtyýarlyk döwrüniň nury — Aşgabat!» atly sergi açyldy. Bu barada "Jeyhun.news" habar berýär.
Welaýat çagalar kitaphanasy bilen bilelikde guralan sergide Aşgabadyň taryhyny we şu gününi açyp görkezýän kitaplar, gündelik we döwürleýin neşirlerde çap edilen makalalar we suratlar goýlupdyr.
Suratkeşler Alymjan Işankulyýewiň, Şerif Hemraýewiň hem-de Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň çeken suratlary hem bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Olaryň eserlerinde Aşgabadyň şu güni, taryhy, Türkmenistanyň tebigaty, gadymy ýadygärlikler şekillendirilipdir. Bu ýerde goýlan keramiki işler ýerine ýetirilişiniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.