Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Ähtnama gol çekildi

23:4501.04.2021
0
10099
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligi nygtaldy. Sebit we halkara guramalaryň, esasan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Altynjy Hazar Sammitine görülýän taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, Hazar meseleleri barada hem pikir alşyldy. Howpsuzlyk, şol sanda ekologiýa howpsuzlygynyň meselelerine seredildi.

Şeýle-de ylym, bilim we lukmançylyk ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine jikme-jik garaldy.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar “Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň