Türkmenistanda ähli metjitler işläp başladylar. Bu barada Türkmenistanyň Müftiligi habar berýär.
Metjide barlanda, arassaçylyk, öňüni alyş çareleri görülmelidir.
2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanda metjitlere-de barmak çäklendirilipdi. Şeýle karar Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary tarapyndan kabul edilipdi.