Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary sebitlerde saparda bolarlar

23:3229.03.2021
0
5758

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde iş saparynda bolup, ýerlerde öz ugurlary boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanşarlar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda degişli tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer G. Müşşikow ýurdumyzyň sebitlerinde iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny ýerinde görmek we seljermek, Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň welaýat düzümleriniň işleriniň hem-de hyzmatlarynyň talabalaýyk guralyşy bilen tanyşmak üçin, 29–31-nji mart aralygynda Daşoguz, 31-nji mart – 1-nji aprel aralygynda Balkan, 2-nji aprelde hem Lebap welaýatlaryna baryp görer.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işlere, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşyk işlerine we beýleki durmuş maksatly binalarda hem-de desgalarda alnyp barylýan işlere ýerinde gözegçilik etmek üçin, 29-njy mart–2-nji aprel aralygynda Mary we Lebap welaýatlaryna baryp görer.

Wise-premýer E.Orazgeldiýew gowaça ekişiniň we bugdaýa ideg etmek işleriniň geçirilişini, şeýle hem suw desgalarynda we edara-kärhanalarynda alnyp barylýan işleri ýerinde seljermek we bu işlere ýardam bermek üçin, 29–30-njy mart aralygynda Ahal, 31-nji mart – 1-nji aprel aralygynda Daşoguz, 2–3-nji aprel aralygynda hem Mary welaýatlaryna baryp görer.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýubileý ýylynda açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we durmuş maksatly binalarda hem-de desgalarda alnyp barylýan işleri ýerinde görmek we seljermek maksady bilen, 29–30-njy martda Lebap, 31-nji martda Daşoguz, 31-nji mart –1-nji aprel aralygynda Balkan, 2-nji aprelde hem Ahal welaýatynda bolar.

Ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmak üçin, wise-premýer B.Öwezow 29–30-njy mart aralygynda Lebap, 31-nji mart–2-nji aprel aralygynda bolsa Balkan welaýatlarynda bolar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow desgalaryň gurluşyk işleriniň geçirilişini ýerinde baryp görmek, dokma we söwda kärhanalarynda işleriň guralyşy, Oba milli maksatnamasy we kabul edilen beýleki maksatnamalar esasynda telekeçiler tarapyndan alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmak üçin, 29-njy mart – 2-nji aprel aralygynda Ahal welaýatynda bolar.

Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary welaýatynda geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk, şeýle hem Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda gurluşygy alnyp barylýan «Türkmeniň ak öýi» binalarynda gurluşyk işleriniň gidişi bilen tanyşmak üçin, wise-premýer M.Mämmedowa 30–31-nji mart aralygynda Lebap we Mary, 1-nji aprelde Daşoguz, 2-nji aprelde bolsa, Balkan welaýatlaryna baryp görer.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow şu ýyl paýtagtymyzda geçiriljek iri halkara ýaryşlaryny ýokary derejede guramak maksady bilen, daşary ýurtly türgenleriň we wekilleriň Halkara howa menzilinde, ýaşajak we iýmitlenjek ýerlerinde alnyp barylmaly işleri, Olimpiýa şäherjigindäki Welotrek we Tennis toplumlarynyň taýýarlygyny, şol ýerde ýygyndy toparlaryň ýerine ýetirmeli amallarynyň tertibini, Halkara ýaýlyma beriş merkeziniň, ilkinji lukmançylyk kömegi nokatlarynyň işini, jemgyýetçilik howpsuzlyk düzgünlerini, degişli çäklerde arassaçylyk we zyýansyzlandyryş çärelerini öwrenmek üçin, 29-njy mart – 2-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde iş saparynda bolar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň ýetip gelýän Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ýerlerde görülýän taýýarlygy bilen tanşar.

Mejlisiň başlygy G.Mämmedowa mundan beýläk palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly işlemegi üçin käbir guramaçylyk meselelerine sereder.

Degişli ýolbaşçylar bu iş saparlarynyň netijeleri barada soňra döwlet Baştutanyna hasabat berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň