Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda önümçilik babatynda maýa goýum forumy geçiriler

23:5026.03.2021
0
2557
Türkmenistanda önümçilik babatynda maýa goýum forumy geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy martda geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Öwezow döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň önüm öndürijileri we telekeçileri bilen bilelikde maýa goýum forumyny geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer ulag-aragatnaşyk toplumynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, döwlet we hususy gatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, içerki bazarlary ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 8-9-njy aprelde ýokarda agzalan Maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklip beýan edildi.

Şeýle hem ulag we aragatnaşyk toplumynyň häzirki zaman düzümini nazara alyp, türkmen telekeçileriniň we önüm öndürijileriniň maýa goýum serişdelerini çekmek arkaly ykdysadyýetimizde hususy pudak bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilýändigini, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilýändigini belledi.

Netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda bilelikdäki taslamalaryň ykdysady bähbitliligi, olaryň durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy möhüm ugur bolup durýar. Ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň netijeli we uzak möhletleýin üstünlikleri gazanmagy üçin has amatly gurallaryň tapylmagy wajypdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak we eksport ugurlaryny artdyrmaga gönükdirilen täzeçil usullary giňden ornaşdyrmak möhümdir diýip, milletiň Lideri belledi.

Döwlet Baştutany Maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklip hakynda aýdyp, bazar gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda öwrenmegiň, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň talaplaryna yzygiderli seljermeleri geçirmegiň, türkmen telekeçileriniň ulag-aragatnaşyk toplumynda ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýmakda öňdebaryjy tejribeleri we innowasion usullary ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň