Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy

21:3726.03.2021
0
27200

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanyna “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Saglygy goraýşy hemmetaraplaýyn ösdürmek, adamlaryň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak we ömür dowamlylygyny artdyrmak, saglygy berkitmäge, keselleriň öňüni almaga, saglygy goraýşyň kämil we ýokary netijeli ulgamyny döretmäge toplumlaýyn esasda çemeleşmek maksatnamanyň möhüm ugurlary bolup durýar.

Şeýlelikde, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi saglygy goraýşyň kämil we ygtybarly ulgamyny kemala getirmäge, Türkmenistanyň dünýäde sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmündäki derejesini has-de belende götermäge ýardam berer.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi we onuň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Bu möhüm ugruň düýpli özgerdilmegine gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurluşygynyň, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden ýokary tehnologiýaly enjamlary satyn almagyň, ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamagyň, derman üpjünçiliginiň guralyny kämilleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine we ýaramaz endiklerden daşda durmagyna ugrukdyrýan öňüni alyş çärelerine möhüm üns berilmelidir.

Döwlet Baştutany hödürlenen taslamany makullap we degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň