Top.Mail.Ru

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Moskwa şäherine nobatdaky ýörite uçuşy gurady

13:3925.03.2021
0
15104

2021-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Türkmenabatdaky halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasyna nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Uçar gatnawy Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.

Şol habarda bellenilişi ýaly, bu gezekki uçar sapary bilen 176 adam Russiýa gitdi. “S7” rus awiakompaniýasynyň “8536” belgili gatnawy amala aşyryldy.

Bu uçar gatnawy Russiýanyň ilçihanasynyň gurnamagyndaky 9-njy gatnawdyr. Ol hem 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri gurnalyp gelýär. Şonda Türkmenistandan tarapyndan halkara uçar gatnawlaryny amala aşyrmak wagtlaýynça togtadylypdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler bilen baglanyşykly täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda täze habar çap edilýär. Şol habardan görnüşi ýaly, COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy soňky gezek 2021-nji ýylyň 31-nji martyna çenli uzaldylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň