Soňky habarlar

Arhiw

BAE-niň Prezidenti Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk hem güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýär

23:4613.03.2021
0
2431
BAE-niň Prezidenti Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk hem güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýär

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine hem-de dostlukly halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymyzy we iň oňat arzuwlarymyzy kanagatlanma bilen beýan edýäris!

Dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkdigine şaýatlyk edýän hatyňyz üçin Siziň Alyhezretiňize hoşallyk bildirýäris. Biz şeýle hem bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge Siziň gyzyklanma bildirýändigiňize ýokary baha berýäris we şunuň bilen baglylykda, şol hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmak hem-de dürli ulgamlarda onuň gerimini giňeltmek maksady bilen, bu aýratyn gatnaşyklary berkitmeklige ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek beýan edýäris.

Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek işindäki tagallalaryňyz üçin Siziň Alyhezretiňize hoşallyk bildirip, Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýäris.

Meniň Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Halifa bin Zaýed Al Nahaýan,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň