Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky muzeýde ýaş türkmen dizaýnerleriniň işleri görkezilýär

12:2913.03.2021
0
16022

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary we soňky ýyllardaky uçurymlary öz dizaýn işlerini Türkmenistanyň Çeperçilik muzeýine hödürlediler.

Tematiki sergi şäher meýilnamasyny ösdürmäge gönükdirilen pikirleri görkezýän okuw işlerini, diplom işlerini we meýilnamalaryny birleşdirýär.

Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryna we uçurymlaryna degişli işleriň 50-den gowragy görkezildi. Ýene şonçarak iş hem TDBGI-den gelip gowuşdy.

Işler bu ýerde ýakyn günlerde geçiriljek «Binagärlik sungatynyň we medeniýetiniň taryhy» atly halkara ylmy maslahatyň çäginde görkeziler. Oňa GDA agza döwletleriň wekilleri hem gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň