Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly gyz «Grasiýa International» bäsleşiginiň final tapgyryna çykdy

08:1412.03.2021
0
70321

Belarus milli tehniki uniwersitetiniň binagärlik fakultetiniň talyby Jemal Ýusupowa Witebskde geçiriljek «Grasiýa International» bäsleşiginiň final tapgyryna çykdy. Ikinji gezek geçirilýän açyk bäsleşikde milli medeniýetler, döredijilik we gözellik esasy orna çykýar.

Bäsleşikde biziň ildeşimiz bilen birlikde Azerbaýjanyň, Belarusyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Kongonyň, Özbegistanyň, Şri-Lankanyň we Günorta Afrikanyň wekilleri hem finala çykdylar.

Milli medeniýetler, döredijilik we gözellik bäsleşiginiň finaly 18-nji martda Witebskiniň konsert zalynda geçiriler. Baş baýrak ugrundaky göreşde gyzlar aşpezlik endikleri, döredijilik, köpçüligiň öňünde çykyş etmek we milli lybaslary görkezmek boýunça bäsleşerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň