Daşary ýurtlardaky rus raýatlarynyň pensiýa üçin arzalary onlaýn kabul edilýär

12:4210.03.2021
1
8701

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz web saýtynda ýurdumyzdaky rus raýatlaryna pensiýa üçin arzalary bitewi jemgyýetçilik portalynda «şahsy hasap» açmak arkaly ýollap bolýandygyny habar berýär.

Russiýanyň ýurduň özünde ýaşamaýan raýatlary arza tabşyrmak üçin döwlet hyzmatlarynyň bütewi portalynda (www.gosuslugi.ru) hasaba alynmalydyr . Hasaba alyş barada jikme-jik maglumaty portalyň degişli saýtynda tapyp bilersiňiz  .

Şu görnüşde iberilen arza awtomatiki usulda Pensiýa gaznasynyň territorial bölümine iberilýär.

Ýüze çykan sowallar üçin Russiýa Federasiýasynyň Pensiýa gaznasynyň kömek bölümine ýüz tutup bolar:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň